
Oguljahan Atabaýewa Şanhaý şäheriniň häkimi bilen duşuşdy
Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň çäginde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen Şanhaý şäheriniň häkimi Gun Çjeniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada «Yicai.com» hytaý habarlar portaly habar berýär.
Gun Çjen Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlugyň taryhyň kökleriniň bardygyny we Şanhaýyň türkmen tarapy bilen ýola goýlan gatnaşyklara ýokary baha berýändigini aýtdy. Soňky ýyllarda iki ýurduň ykdysadyýet, söwda we medeniýet ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy barha giňelýär.
Häkim «Bir guşak, bir ýol» başlangyjy ykdysadyýet, maýa goýum, medeniýet we syýahatçylyk ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy hasam güýçlendirer diýip umyt bildirdi.
Oguljahan Atabaýewa öz gezeginde Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky dostlugyň durnukly ösmegine, şeýle hem dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň çuňlaşmagyna ýokary baha berdi.
Oguljahan Atabaýewanyň belleýşi ýaly, çagalar milletiň geljegi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bolsa çagalaryň saglygyna, bilimine we ösüşine ähmiýet berýär.
Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky özara gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmagyň iki ýurtda çagalaryň sagdyn ösmegi üçin has köp mümkinçilik döredjekdigine ynam bildirildi.