
Aşgabatda TOPH gaz geçiriji taslamasynyň durmuşa geçirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy
25-nji awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň hem-de Günbatar Aziýa ýurtlary we Owganystan boýunça Pakistanyň DIM-niň Goşmaça sekretary Saýed Ali Asad Gillaniniň gatnaşmagynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Mundan başga-da, hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmegiň ýollary hem-de energetika we ulag pudaklarynda bilelikdäki taslamalary öňe sürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda diplomatlar Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçiriji taslamasynyň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar.
Iki ýurduň parlamentara gatnaşyklaryny berkitmäge, şeýle hem halkara we sebit düzümleriň çäklerindäki hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan gyzyklanmasy bellenildi.
Diplomatlar Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-pakistan bilelikdäki hökümetara toparynyň işiniň ähmiýetine ünsi çekdiler we onuň nobatdaky mejlisini ýakyn wagtda geçirmäge isleglerini beýan etdiler.
Taraplar medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy we şu ýylyň dowamynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleri hem ara alyp maslahatlaşdylar.