Türkmenistanyň Brýusseldäki ilçihanasynda Ýewropa Komissiýasynyň wekili bilen duşuşyk geçirildi

Ilçi Sapar Pälwanow Brýusseldäki Türkmenistanyň ilçihanasynda Ýewropa Komissiýasynyň Aziýa we Ýuwaş ummany üçin halkara hyzmatdaşlyk boýunça müdiri Piteris Ustubs bilen duşuşdy.
Söhbetdeşlikde taraplar ÝB — Merkezi Aziýa görnüşindäki duşuşyklary, ýagny Lýuksemburgdaky ministrler duşuşygyny we Daşkentdäki forumlary ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasynyň habar berşi ýaly, Aşgabatda 2026-njy ýylda ÝB — Türkmenistan işewürler forumyny geçirmek meýilleşdirilýär.
Söhbetdeşler ähli ugurlarda, şol sanda ulag, energetika, sanly we ynsanperwer ugurlarda gatnaşyklary berkitmegiň möhümdigini bellediler.