Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy sanly özgertme boýunça okuw geçirýär

2025-nji ýylyň 25-29-njy awgusty aralygynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) goldawy bilen döwlet we hususy ulgamyň wekilleri üçin sanly özgertme boýunça ýöriteleşdirilen hünär kämilleşdiriş okuwlaryny geçirýär.

Okuw çäreleri 2026–2028-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny we Döwlet maksatnamasyny işläp düzmek taslamasynyň çäklerinde gurnalýar. Bu okuwa dürli ministrlikleriň we edaralaryň takmynan 30 wekili, şeýle hem telekeçiler, kiçi we orta işewürligiň wekilleri, startaplaryň ýolbaşçylary gatnaşýarlar.

Okuw maksatnamasy sanly ösüşiň esasy ugurlaryny öz içine alýar, olara döwlet dolandyryşynyň sanlylaşdyrylmagy, sanly strategiýalaryň işlenip düzülmegi, kiberhowpsuzlygyň üpjün edilmegi, maglumat dolandyryşy, sanlylaşdyrma boýunça halkara tejribäniň öwrenilmegi ýaly okuw ugurlary girýär.

Okuw sapaklaryny sanly özgertme boýunça BMG-niň halkara bilermeni Aare Laponin alyp barýar. Guramaçylar bu okuwyň maksadynyň Konsepsiýany we Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmekde özara peýdaly hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini giňeltmekden, şeýle hem Türkmenistanda durnukly sanly ykdysadyýeti döretmekden we ösdürmekden ybaratdygyny belleýärler.