Russiýanyň DIM-i Raşid Meredowyň Moskwa sapar bilen barjakdygyny habar berdi

Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrligi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň Moskwa sapar bilen barjakdygyny mälim etdi. Bu barada Russiýanyň daşary syýasat edarasynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Habarda bellenilişine görä, 28-nji awgustda Moskwa şäherinde Raşid Meredow bilen Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň arasynda gepleşikler geçiriler.

Gepleşikleriň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň derwaýys meselelerine garamak meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, taraplar häzirki halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alyşmagy meýilleşdirýärler.