Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministri M.Akmämmedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Eýranda saparda boldy

6 — 8-nji sentýabr aralygynda Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministri M.Akmämmedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Eýran Yslam Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.

Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, saparyň dowamynda Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher gurluşyk ministri F.Sadeg hem-de ýol we şäher gurluşyk ministriniň orunbasary, Demir ýol edarasynyň müdiriýetiniň başlygy J.Zakeri bilen duşuşyklar geçirildi. Şeýle hem wekiliýetiň agzalary wagonlary dolandyryş merkezi we Tähran şäherinde ýerleşýän «Aprin» gury portunyň mümkinçilikleri bilen tanyşdylar.

Duşuşyklarda Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň çäklerinde demir ýol pudagy boýunça alnyp barylýan işler bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hususan-da, üstaşyr geçýän ýükleriň dolanyşygyny artdyrmak boýunça degişli teklipler berildi. Şunuň bilen baglylykda, Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň hem-de Aşgabat ylalaşygy (Özbegistan, Türkmenistan, Eýran, Oman ugry boýunça) esasynda döredilen halkara ulag geçelgesiniň işjeňligini ýokarlandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň arasyndaky ýük dolanyşygyny artdyrmak bilen bagly demir ýol ulgamy boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de Ermenistan — Eýran — Türkmenistan — Gazagystan üstaşyr ulag geçelgesi boýunça ýük daşamak we bu ugry netijeli peýdalanmak boýunça hem pikir alşyldy.

Mundan başga-da, taraplar Akýaýla — Inçeburun demir ýol geçelgesine baryp gördüler we ol ýerde alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyşdylar.