
Türkmenistanyň Prezidenti Sarahsda serhetçiler üçin gurlan täze ýaşaýyş jaýyna baryp gördi
Döwlet serhet gullugynyň Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow toplumyň çäginde bina edilen, harby gullukçylar we olaryň maşgala agzalary üçin niýetlenen täze, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň birine baryp gördi.
TDH-niň habar berşi ýaly, Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň çäginde jemi 144 hojalyga niýetlenen 4 sany, 36 öýli döwrebap ýaşaýyş jaý toplumy, dükan, oýun we sport meýdançasy göz öňünde tutulypdyr. Harby gullukçylaryň göwnejaý gulluk etmekleri, döwrebap ýaşaýşy üçin ähli amatlyklaryň döredilmegi hemişe üns merkezinde saklanýar. Toplumyň çäginde täze ýaşaýyş jaýlarynyň bina edilmegi-de munuň anyk mysalydyr.
Täze jaýlaryň binagärlik çözgüdine, bezegine uly üns berlipdir. Ýaşaýyş jaýlarynyň myhmanlardyr çagalar üçin niýetlenen giň we ýagty otaglary döwrebap mebeller bilen enjamlaşdyrylypdyr. Zerur bolan ähli şertler bilen üpjün edilen döwrebap aşhana hem jaýlaryň gurluşyk işleriniň döwrüň ösen talabyna laýyk derejede ýerine ýetirilendigini görkezýär.
Serhet birikmesiniň çäginde harby gullukçylaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary üçin ähli zerur şertler bar. Munuň özi Watan goragçylarynyň bedenini berkitmegi, şol sanda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklary üçin has oňaýly şertleriň döredilmegine uly ähmiýet berilýändiginiň güwäsidir.
Bagtyýar serhetçi Türkmenistanyň Prezidentini mähirli garşylady. Döwlet Baştutany täze jaýa göçüp gelen harby gullukçy we onuň maşgala agzalary bilen söhbetdeş bolup, döredilen şertler bilen gyzyklandy.
Täze jaýa göçüp gelmek bagty miýesser eden harby gullukçy we onuň maşgala agzalary halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak ugrunda edýän hemmetaraplaýyn aladalary üçin ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna hoşallyklaryny beýan etdiler.
Döwlet Baştutany serhetçiler we olaryň maşgalalary üçin amatly şertleri döretmek boýunça işleriň yzygiderli dowam etdiriljekdigini aýdyp, täze jaýa göçüp gelen maşgala agzalaryna sowgatlary gowşurdy. Olar ýagşy däp-dessurlara eýerip, Prezident Serdar Berdimuhamedowa toý düwünçegini gowşurdylar.