Türkmenistanyň döwlet Baştutany täze harby tehnikalar bilen tanyşdy we degişli görkezmeleri berdi
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet serhet gullugynyň Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasynyň barşynda ýokary derejeli söweşjeň aýratynlyklary bolan, harby düzümleriň ygtyýaryna gelip gowşan täze harby tehnikalar bilen tanyşdy. Bu barada TDH ýazýar.
Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda amala aşyrylýan özgertmeler netijesinde harby we hukuk goraýjy edaralary döwrebap tehnikalardyr enjamlar bilen üpjün etmegiň hasabyna Milli goşunyň kuwwaty pugtalandyrylýar.
Döwlet Baştutany harby tehnikalaryň özboluşly aýratynlyklary bilen tanyşlygyň dowamynda ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň mundan beýläk-de yzygiderli berkidiljekdigini aýdyp, harby gullukçylaryň, söweşjeň tehnikalara erk edýän ýaş esgerleriň, serkerdeleriň hünär derejesiniň yzygiderli kämilleşdirilmegi bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi.
Şeýle hem bu ýerde harby gullukçylar üçin niýetlenen dürli harby lybaslar görkezildi.
Türkmenistanyň Prezidenti harby lybaslaryň ýylyň dürli pasyllaryna laýyklykda taýýarlanylmalydygyny, harby gullukçylaryň azyk üpjünçiliginiň ýokary derejede bolmalydygyny nygtap, bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.