
R.Meredow Kataryň halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet ministri bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow 14-nji sentýabrda Dohada Kataryň halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet ministri Mariam bint Aly bin Nasser Al-Misnad bilen duşuşdy. Duşuşyk duşenbe güni Dohada geçiriljek adatdan daşary Arap-Yslam sammitine taýýarlyk boýunça ministrleriň duşuşygynyň çäklerinde boldy.
Kataryň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösüşini, ony goldamagyň we pugtalandyrmagyň ugurlaryny, şeýle-de özara gyzyklanma döredýän birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Adatdan daşary Arap-Yslam sammitine taýýarlyk boýunça daşary işler ministrleriniň duşuşygy ýekşenbe güni Kataryň Premýer-ministri we daşary işler ministri şeýh Muhammed ben Abdelrahman ben Jasem Al-Taniniň başlyklygynda geçirildi. Çärä Arap döwletleriniň ligasynyň hem-de Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza döwletleriniň daşary işler ministrleri gatnaşdylar.