Türkmenistanyň Mejlisinde ÝHHG-niň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

15-nji sentýabrda Türkmenistanyň Mejlisinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň wekilleri Ulwi Fikret oglu Ahundlunyň, Kseniýa Daşutsinanyň hem-de Martina Barker-Siganikowanyň saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Mejlisiň resmi saýtynda habar berildi.

Duşuşykda Türkmenistanyň Mejlisiniň Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birlikleri, beýleki abraýly halkara guramalar bilen parahatçylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmakda we Bitaraplyk ýörelgelerini dabaralandyrmakda alyp barýan işleriniň esasy ugurlary, şeýle hem Türkmenistanyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýändigi barada bellenildi.

Taraplar duşuşygyň dowamynda Türkmenistanda halkara tejribesinden ugur alyp, saýlaw we sala-salşyk ulgamyny kämilleşdirmek boýunça netijeli işleriň geçirilýändigi barada bellediler.

Şeýle hem, Türkmenistanda adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmegi we gender deňligi boýunça hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk namalary we agzalan ugurlarda milli kanunçylygyň halkara tejribesinden ugur alnyp yzygiderli kämilleşdirilýändigi barada bellenilip geçildi.