Türkmenistan bilen UNFPA-nyň hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky ýurt boýunça direktory Çinwe Ogbonnanyň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi. Bu barada ýurduň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Bellenişi ýaly, duşuşygyň dowamynda diplomatlar Türkmenistanyň hem-de UNFPA-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belläp, ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy berkitmegiň ähmiýetini nygtadylar.

2025-nji ýylyň 28-nji awgustynda Nýu-Ýork şäherinde geçirilen UNFPA-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň Ikinji yzygider mejlisinde 2026 – 2030-njy ýyllara niýetlenen UNFPA-nyň Türkmenistan üçin ýurt maksatnamasynyň tassyklanandygy aýratyn bellenildi.

Şeýle hem duşuşykda bilelikdäki ylalaşyklary we meýilnamalary mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge özara gyzyklanma bildirip, täze Ýurt boýunça maksatnamanyň çäklerinde bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.