
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 44 ýaşyny doldurdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 22-nji sentýabrda özüniň 44 ýaş toýuny belleýär. Döwlet Baştutany doglan gününi BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisine gatnaşmak üçin Nýu-Ýorka amala aşyrýan iş saparynyň çäginde geçirýär.
Şu gün irden Serdar Berdimuhamedowy dünýä Liderleri gutladylar: Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň ýolbaşçylary we beýleki köp sanly döwlet Baştutanlary gutlag hatlaryny iberdiler.
Şeýle hem döwlet Baştutanyny türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, hökümet agzalary, Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidentleri, hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de syýasy partiýalaryň wekilleri gutladylar.
«Turkmenportal» internet neşiri hem gutlaglara goşulyp, Türkmenistanyň Prezidentine berk jan saglyk we döwlet işinde uly üstünlikler arzuw edýär.
