Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda baýramçylyk konserti geçirildi
Şu gün Aşgabatdaky Türkmenistanyň Mejlisler merkezinde medeniýet we sungat ussatlarynyň ýurduň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna bagyşlanan konserti boldy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, konserte Prezident Serdar Berdimuhamedow hem tomaşa etdi.
Konsertiň maksatnamasy türkmen halkynyň bagtyýarlygyny üpjün etmegiň bähbidine Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurduň gazanan ösüşlerini şöhlelendirýän köp dürli we ilkinji gezek ýerine ýetirilýän çykyşlar bilen tapawutlandy. Medeniýet işgärleri we sungat ussatlary alnyp barylýan giň gerimli özgertmeler üçin hoşallyklaryny aýdym-sazly eserleriniň üsti bilen beýan etdiler.
Konsertde watançylyk mazmundaky aýdymlar baýramçylyk çykyşlarynyň başyny başlap, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurduň gazanan üstünliklerini, beýik döredijilik ruhuny şöhratlandyrdy.
Ýerine ýetirilen çykyşlar baýramçylyk dabarasyny bezedi.
Ýurduň meşhur döredijilik toparlary, aýdymçylary hem-de türkmen estradasynyň ýyldyzlary, folklor toparlary öz ussatlyklaryny görkezdiler.
Konserte gatnaşyjylaryň bilelikde ýerine ýetirmeginde ýaňlanan «Garaşsyz Diýarly, Arkadagly Serdarly baky bagtyýar türkmen!» atly ajaýyp aýdym baýramçylyk konsertiniň jemlenmesine öwrüldi.