
Hytaý Lideri Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlaýar
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpinden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa gutlag haty gelip gowuşdy. Bu barada TDH habar berýär.
Hytaý Lideri hatynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli türkmen kärdeşine we dostlukly türkmen halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlaryny beýan edýär. Şeýle hem ol Hytaýyň hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaş hökmünde Türkmenistanyň ähli üstünliklerine tüýs ýürekden guwanýandygyny belleýär.
"Şu ýylyň başyndan bäri biz iki gezek duşuşyk geçirdik. Olaryň dowamynda Hytaý bilen Türkmenistanyň arasynda köpugurly hyzmatdaşlyk boýunça möhüm ylalaşyklar gazanyldy hem-de hytaý-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmegiň täze tapgyry kesgitlenildi. Hytaý tarapy bilelikdäki tagallalar arkaly syýasy hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, birek-biregi berk goldamaga, ösüş strategiýalaryny utgaşdyrmaga ýardam bermäge, Hytaýyň we Türkmenistanyň “Bitewi ykbal bileleşigini” gurmak maksady bilen, “Bir guşak, bir ýol” başlangyjyny ilerletmäge taýýardyr" diýip, Si Szinpin hatynda ýazýar.
HHR-iň Başlygy gutlag hatynyň ahyrynda Türkmenistana ösüş we rowaçlyk, türkmen halkyna bolsa bagtyýarlyk, abadançylyk arzuw edýär.