Putin Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Prezident Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.

Rus Lideri gutlag hatynda türkmen kärdeşiniň baştutanlygynda Türkmenistanyň ykdysady we durmuş ulgamlarynda uly üstünlikleri gazanýandygyny, dünýä giňişliginde öz ornuny barha berkidýändigini belledi.

"Ýurtlarymyzyň arasyndaky çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk ähli ugurlar boýunça okgunly ösdürilýär. Biz ikitaraplaýyn we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça bilelikdäki netijeli işi dowam etdireris. Munuň özi Russiýanyň we Türkmenistanyň dostlukly halklarynyň düýpli bähbitlerine laýyk gelýär, Merkezi Aziýada hem-de Hazar sebitinde durnuklylygyň, howpsuzlygyň üpjün edilmegine ýardam berýär" diýip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti gutlag hatynda nygtaýar.

Wladimir Putin hatynyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden berk jan saglyk, türkmen halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýär.