
Donald Tramp ABŞ bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlygynyň çuňlaşdyryljakdygyna ynam bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampdan gutlag haty gelip gowuşdy. Bu barada TDH habar berýär.
Donald Tramp iberen hatynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň halkynyň adyndan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkyna tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny beýan edýär.
"Amerikanyň Birleşen Ştatlary Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolan döwründen bäri ýola goýlan gatnaşyklara ýokary baha berýär. Biz Siziň ýurduňyzyň özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, Garaşsyzlygyny üýtgewsiz we berk goldaýarys hem-de Siziň alyp barýan oňyn Bitaraplyk syýasatyňyza hormat goýýandygymyzy beýan edýäris. Sebit wehimlerini çözmek, biziň döwletlerimiziň gülläp ösmeginiň bähbidine ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça Siziň bilen mundan beýläk-de bilelikde işlemegimize umyt edýärin. Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyryljakdygyna we çuňlaşdyryljakdygyna tüýs ýürekden ynanýaryn" diýip, ABŞ-nyň Prezidenti hatynda nygtaýar.
Prezident Donald Tramp gutlag hatynyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedowa hem-de Türkmenistanyň halkyna mundan beýläk-de üstünlik, gülläp ösüş arzuw edýär.