
Ýaponiýanyň Imperatoryndan Türkmenistanyň Prezidentine gutlag haty geldi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitodan hat gelip gowuşdy. Bu barada TDH habar berýär.
Imperator Naruhito hatynda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedowa, şeýle hem türkmen halkyna tüýs ýürekden gutlaglaryny we arzuwlaryny beýan etmäge şatdygyny nygtaýar.
Ýaponiýanyň Imperatory hatynyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň aprel aýynda Ýaponiýa amala aşyran saparynyň barşynda geçirilen duşuşygy ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belleýär.