
Daşary ýurt liderleri Türkmenistany Garaşsyzlyk güni bilen gutlaýarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna ýurduň Garaşsyzlyk güni mynasybetli daşary ýurtly kärdeşlerinden, görnükli syýasatçylardan köp sanly gutlag hatlary gelip gowuşýar.
«Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edilen gutlag hatlarynda, hususan-da, şeýle diýilýär:
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňize Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn.
Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa rowaçlyk we abadançylyk arzuw edýärin.
Siziň doganyňyz,
Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri Salman ben Abdelaziz Al Saud, Saud Arabystanynyň Patyşasy.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňize Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ibermek meniň üçin uly mertebedir. Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin.
Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Size Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Italiýanyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan tüýs ýürekden gutlaglarymy ibermäge şatdyryn.
Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklar ýola goýlan dostluk ýörelgeleriniň esasyny düzýär. Häzirki döwrüň wehimleriniň öňünde biziň sebit derejesindäki hyzmatdaşlygymyz hem barha uly ähmiýete eýe bolýar. Bu, esasan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynda berkidilen gymmatlyklara, esasy ýörelgelere hormat goýmak ruhunda parahatçylygy we durnukly ösüşi ilerletmek üçin amatly meýdança öwrülen «Merkezi Aziýa — Italiýa» formatynda aýratyn netijeli häsiýete eýedir. Bu gymmatlyklar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky barha ösýän gatnaşyklaryň hem esasy bolup hyzmat edýär. Şunda “Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa” görnüşindäki birinji sammitiň jemlerini hasaba almak bilen, Italiýa bu hyzmatdaşlygy berk goldaýar.
Hormatly jenap Prezident, Size hem-de Türkmenistanyň dostlukly halkyna abadançylyk we ösüş baradaky arzuwlarymy beýan edýärin!
Serjio Mattarella, Italiýa Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Dost we doganlyk ýurt Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň! Umumy taryhy, dini we medeni gymmatlyklar Eýran Yslam Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm binýat bolup durýar.
Beýik Allatagaladan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, üstünlik, türkmen halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk dileýärin.
Masud Pezeşkian, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli Sizi tüýs ýürekden gutlamaga hem-de hoşniýetli arzuwlarymy beýan etmäge örän şatdyryn. Geçen ýyllaryň dowamynda Türkmenistan milli ösüşiň netijeli nusgasyny kemala getirmek bilen, halkyň agzybirligini, taryhy-medeni mirasyny we däp-dessurlaryny aýawly gorap saklaýar.
Biziň umumy tagallalarymyz esasynda doganlyk ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk, özara hormat goýmak, goldaw bermek hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine daýanýan strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň geljekde-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynanýaryn. Öňde boljak ýokary derejedäki duşuşyklaryň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy düýpgöter täze derejä çykarjakdygyna, ony many-mazmun bilen baýlaşdyrjakdygyna ynanýaryn.
Pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikleri, doganlyk türkmen halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin.
Hormatlamak bilen,
Şawkat Mirziýoýew, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Sizi hem-de ähli doganlyk türkmen halkyny milli baýram — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde döwlet berkararlygynyň esaslaryny hem-de halkara giňişlikde abraýyny pugtalandyrmak, durmuş-ykdysady ösüşde uly üstünlikleri gazanmak bilen, häzirki wagtda ynamly öňe barýandygyny bellemek ýakymlydyr.
Pursatdan peýdalanyp, täjik tarapynyň biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny dürli ugurlarda ösdürmäge we giňeltmäge üýtgewsiz gyzyklanma bildirýändigini nygtamak isleýärin. Bilelikdäki tagallalar netijesinde bu ugurda täze belent sepgitlere ýetjekdigimize ynanýaryn.
Şu dabaraly günde Size berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, durnukly ösüş arzuw edýärin.
Hormatlamak bilen,
Emomali Rahmon, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Sizi hem-de Türkmenistanyň ähli doganlyk halkyny Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu şanly sene halkyňyzyň erkinliginiň we döredijilik ruhunyň aýdyň nyşany bolmak bilen, döwlet berkararlygyny, uzak möhletleýin ösüşi üpjün etmek üçin uly ähmiýete eýedir. Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan Siziň baştutanlygyňyzda döwlet gurluşynda we durmuş-ykdysady ösüşde belent sepgitlere ýetdi hem-de durnukly ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar. Ýurduňyz BMG-niň howandarlygynda hemişelik Bitaraplyk derejesini, halkara giňişlikdäki abraýyny pugtalandyrýar.
Gazak-türkmen hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belleýärin. Onuň bilelikdäki tagallalarymyz netijesinde täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynanýaryn. Munuň özi strategik hyzmatdaşlygyň ruhuna we halklarymyzyň erk-isleglerine doly laýyk gelýär.
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size doganlyk Türkmenistanyň abadançylygynyň we gülläp ösüşiniň bähbidine alyp barýan jogapkärli döwlet işiňizde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw edýärin!
Hormatlamak bilen,
Kasym-Žomart Tokaýew, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Gyrgyzystanyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi we türkmen halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlaýaryn. Bu şanly sene türkmen halkynyň okgunly ösüşiň ýolunda agzybirligini, jebisligini we buýsanjyny alamatlandyrýar. Siziň parasatly baştutanlygyňyzda Türkmenistan örän baý medeni mirasyny aýawly gorap saklaýar, halkara abraýyny barha berkidýär hem-de ynamly öňe barýar.
Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky hoşniýetli we ynanyşykly gatnaşyklara ýokary baha berýärin. Syýasy, ykdysady, medeni ulgamlarda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagynyň halklarymyzyň abadançylygyna ýardam etjekdigine ynanýaryn.
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, uzak ömür, jogapkärli döwlet işiňizde täze üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we ösüş arzuw edýärin!
Hormatlamak bilen,
Sadyr Žaparow, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli Sizi we ähli türkmen halkyny öz adymdan, şeýle hem azerbaýjan halkynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky däp bolan hyzmatdaşlyk dostluga, hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýar. Bu gatnaşyklaryň umumy ruhy gymmatlyklary bolan iki ýurduň doganlyk halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna ynanýaryn.
Pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, döwlet işiňizde üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin.
Ilham Aliýew, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Sizi hem-de ähli türkmen halkyny milli baýram — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Belarus-türkmen gatnaşyklarynyň yzygiderli pugtalandyrylmagynyň döwletara hyzmatdaşlygyň bar bolan uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge ýardam berjekdigine ynanýaryn.
Şu şatlykly günde Size berk jan saglyk, ýurduňyzyň hem-de Türkmenistanyň dostlukly halkynyň bähbidine jogapkärli döwlet işiňizde täze sepgitlere ýetmek üçin tükeniksiz güýç-kuwwat, parahatçylyk, abadançylyk arzuw edýärin.
Hormatlamak bilen,
Aleksandr Lukaşenko, Belarus Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňiz!
Sizi hem-de Türkmenistanyň halkyny milli baýram — Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Ermenistanda köpasyrlyk dostluk, özara ynanyşmak we umumy gymmatlyklar binýadyna esaslanýan gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmegine we giňeldilmegine uly ähmiýet berilýär. Bilelikdäki tagallalar netijesinde ýurtlarymyzyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň halklarymyzyň bähbidine has-da pugtalandyryljakdygyna ynanýaryn. Pursatdan peýdalanyp, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny ýokary derejede geçirendigiňiz hem-de Türkmenistanda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygymy beýan edýärin.
Size berk jan saglyk, üstünlik, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk we ösüş arzuw edýärin.
Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,
Waagn Haçaturýan, Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti.