Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy oktýabrda Russiýada saparda bolar

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýagözel Gulmanowa 2025-nji ýylyň oktýabrynda Russiýa resmi sapar bilen barar. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň hatynda habar berilýär diýip, TASS ýazýar.
«Biz 2025-nji ýylyň oktýabrynda Russiýa Federasiýasyna amala aşyrjak resmi saparyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Ol diňe bir rus-türkmen parlamentara dialogyny berkitmäge hyzmat etmek bilen çäklenmän, size Moskwa amala aşyran saparyňyz bilen bagly ýakymly we şatlykly ýatlamalary bagyşlar diýip umyt edýäris» diýlip, hatda bellenilýär.
Şeýle-de Russiýa Federasiýasynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Dünýagözel Gulmanowany we türkmen parlamentiniň deputatlaryny 27-nji sentýabrda bellenilýän Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady.
«Häzirki wagtda Türkmenistan döwlet gurmakda we ykdysady ösüş babatda ajaýyp üstünlikleri gazanýar, raýatlaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak ugrunda netijeli işleriň kämil nusgasyny görkezýär» diýip, W.Matwiýenko nygtady.