
Baýramçylyk at çapyşyklarynyň ýeňijileri sylaglandy
Ozal habar berşimiz ýaly, düýn Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli döwrebaplaşdyrylan Aşgabat atçylyk sport toplumynda baýramçylyk at çapyşyklary geçirildi. Olara Prezident Serdar Berdimuhamedow hem tomaşa etdi.
TDH-niň habar berşi ýaly, bu ýerde dürli aralyga at çapyşyklarynyň ýedisi geçirildi.
1 müň 600 metr aralyga geçirilen birinji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Babadaş atly dor at pellehana ilkinji bolup gelmegi başardy. Ol bu aralygy geçmek üçin 1 minut 51,3 sekunt sarp etdi. Onuň çapyksuwary üçünji derejeli çapyksuwar M.Agamyradow.
1 müň 600 metr aralyga geçirilen ikinji çapyşykda bolsa Aşgabat şäher häkimligine degişli Gelejek atly gara at ilkinji bolup pellehana geldi. Ol bu aralyk üçin 1 minut 51,7 sekunt sarp etdi. Onuň çapyksuwary ussat çapyksuwar Ö.Ýalkabow.
Üçünji çapyşykda hem atlar 1 müň 600 metr aralyga güýç synanyşdylar. Bu çapyşykda Türkmenistanyň Goranmak ministrligine degişli Hazyna atly mele at pellehana ilkinji bolup gelmegi başardy. Onuň çapyksuwary D.Atdaýew. Hazyna bellenilen aralygy geçmek üçin 1 minut 50 sekunt sarp etdi.
Dördünji çapyşykda dört we uly ýaşar atlar 1 müň 600 metr aralyga ýaryşa goşuldylar. Çekeleşikli geçen çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Dowamat atly dor at pellehanadan ilkinji bolup geçdi. Onuň görkezen wagty 1 minut 48,2 sekunda deň boldy. Onuň çapyksuwary B.Babaýew.
Baýramçylyk at çapyşyklarynyň bäşinjisinde dört we uly ýaşar atlar 1 müň 600 metr aralyga güýç synanyşdylar. Bu çapyşykda Aşgabat şäher häkimligine degişli Garaýel atly gara at pellehanadan ilkinji bolup geçmegi başardy. Ol bu aralygy geçmek üçin 1 minut 48,7 sekunt sarp etdi. Onuň çapyksuwary ussat çapyksuwar R.Seýidow.
Altynjy çapyşykda dört we uly ýaşar atlar 2 müň 200 metr aralyga güýç synanyşdylar. Bu çapyşykda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Tokaý hojalygy» döwlet kärhanasyna degişli Gudratlydag atly mele at ýeňiji bolmagy başardy. Gudratlydag bellenilen aralygy geçmek üçin 1 minut 33 sekunt sarp etdi. Onuň çapyksuwary D.Berdimämmedow.
Jemleýji, ýedinji çapyşykda dört we uly ýaşar atlar Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragyny almak ugrunda 2 müň 200 metr aralyga ýaryşdylar. Çekeleşikli geçen çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Bezirgen atly akýal mele at pellehanadan ilkinji bolup geçmegi başardy. Ol bellenilen aralygy geçmek üçin 2 minut 34,5 sekunt sarp etdi. Onuň çapyksuwary ussat çapyksuwar B.Agamyradow.
Soňra ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy. Alty çapyşygyň ýeňijilerine 100 müň, jemleýji çapyşygyň ýeňijisine bolsa 300 müň manat möçberde pul baýraklary gowşuryldy.