
Serdar Berdimuhamedow «Toyo Engineering Corporation» ýapon kompaniýasynyň prezidentini kabul etdi
Şu gün Aşgabat atçylyk sport toplumynda baýramçylyk at çapyşyklarynyň geçirilýän pursatlarynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin gelen «Toyo Engineering Corporation» ýapon kompaniýasynyň prezidenti, baş ýerine ýetiriji direktory, wekilçilik müdiri Eiji Hosoini kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, işewür duşuşykda türkmen döwletiniň Baştutanyny ýurduň Garaşsyzlyk baýramy bilen gutlady.
Prezident Serdar Berdimuhamedow myhmany mähirli mübärekläp, Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan başlap, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň birnäçe ugurlarda, şol sanda nebitgaz, himiýa, gurluşyk we beýleki pudaklarda üstünlikli alnyp barylýandygyny nygtady.
Türkmenistanyň Prezidenti hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde we kämilleşdirmekde Ýaponiýanyň iri kompaniýalarynyň, şol sanda «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň möhüm ornuny belledi.
Duşuşygyň dowamynda «Toyo Engineering» korporasiýasy bilen nebitgaz we himiýa ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygy, onuň gatnaşmagynda Gyýanlyda ägirt uly gazhimiýa desgasynyň, polimer zawodynyň gurlup ulanmaga berilmegi bellenildi.
Işewür türkmen bazarynda netijeli işlemäge döredilýän amatly şertler üçin hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistanyň ykdysady ösüşine mundan beýläk-de goşant goşmaga hemişe taýýardygyny tassyklady.
Prezident Serdar Berdimuhamedow geljekde hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça has-da ösdürmäge mümkinçiligiň bardygyny belläp, Türkmenistanyň kompaniýanyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny aýtdy.
Işewür ýolbaşçylyk edýän kompaniýasyna bildirilen ýokary ynamy ödemek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.