Gurbanguly Berdimuhamedow türki döwletleriň bilelikdäki medeni-köpçülik çärelerini guramak boýunça işleri güýçlendirmegi teklip etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 7-nji oktýabrda Azerbaýjanyň Gabala şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammitinde eden çykyşynda türki döwletleriň arasyndaky gatnaşyklarda medeni-ynsanperwer ulgama aýratyn orun degişlidigini nygtady. Bellenişi ýaly, bu ugurda alnyp barylýan hyzmatdaşlyk halklarymyzyň özboluşly milli aýratynlyklaryny we ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamakda, ony kämilleşdirmekde, dünýä tanatmakda uly ähmiýete eýedir.

«...Bilelikdäki medeni-köpçülik çärelerini guramak boýunça işleri güýçlendirmegi teklip edýäris. Hususan-da, Medeniýet günlerini, teatr çykyşlaryny, dürli sergileri, kino günlerini geçirmek boýunça biziň durmuşa geçirýän uly işlerimiz bar we olar köpdür. Ýurtlarymyzyň bu ugurda gazanan baý tejribesini dowam etdirmegi maksadalaýyk hasaplaýarys. Ýakyn wagtda biz Azerbaýjanda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmegi meýilleşdirýäris. Şeýle hem iki halkyň halyçylyk we haly dokamak däplerini ösdürmek babatda tagalla edýäris. Şol bir wagtda bedew atlary, hususan-da, ahalteke we garabag atlaryny ösdürip ýetişdirmek boýunça gadymy sungaty gaýtadan dikeltmek babatda işleşmegi göz öňünde tutýarys. Bu çäreleriň medeni gatnaşyklarymyzy has-da kämilleşdirmäge ýardam berjekdigine berk ynanýarys. Şunuň ýaly çäreleri beýleki doganlyk ýurtlar bilen hem guramagy maksadalaýyk hasaplaýarys» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy. Bu barada TDH habar berýär.