
«Merkezi Aziýa — ABŞ» formatynyň 10 ýyllygyna bagyşlanan işewürlik maslahaty geçiriler
Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Waşingtona saparlarynyň çäklerinde ABŞ-nyň Döwlet departamenti Jon F.Kennedi adyndaky merkez bilen hyzmatdaşlykda «Merkezi Aziýa — ABŞ» («C5+1») formatyndaky dialog platformasynyň 10 ýyllygyna bagyşlanan işewürlik maslahatyny geçirer. Bu barada ABŞ-nyň Döwlet departamenti habar berdi.
Bu çäre Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň — Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 10 ýyl dowamynda ýeten sepgitlerini seljermäge hem-de ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmek ugrunda täze mümkinçilikleri açmaga hyzmat eder.
Döwlet departamenti tarapyndan «taryhy duşuşyk» hökmünde häsiýetlendirilen bu işewürlik maslahaty «C5+1» formatyna girýän ýurtlardan ýokary derejeli döwlet işgärlerini we işewür ýolbaşçylary bir ýere jemlär.
Maslahatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow, ABŞ-nyň Senatory Stiw Deýns, ABŞ-nyň Prezidentiniň ýörite wekili Riçard Grenell; ABŞ-nyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Serjio Gor hem-de ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa meseleleri boýunça kömekçisi Pol Kapur çykyş ederler.
2015-nji ýylda ABŞ-nyň şol wagtky Prezidenti Barak Obamanyň Hökümetiniň döwründe sebitleýin dialog üçin diplomatik platforma hökmünde döredilen «C5+1» formaty häzirki wagtda howpsuzlyk, energetika, söwda we medeni alyş-çalyş ýaly möhüm ugurlarda alty ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge hyzmat edýär.
