«Sanly çözgüt – 2025» bäsleşiginiň saýlama tapgyry dowam edýär

Akylly tilsimatlar, öňdebaryjy tehnologiýalar we täze innowasiýalar bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak hem-de olary höweslendirmek maksady bilen Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan her ýylda geçirilýän «Sanly çözgüt – 2025» atly innowasion taslamalaryň nobatdaky bäsleşiginiň saýlama tapgyry dowam edýär.

 

Bu bäsleşikde sanly ykdysadyýeti ösdürmekde täze pikirleri oýlap tapmaga we tehnologiýanyň ösüşi bilen deň kämilleşmäge ymtylýan ýaşlar bäsleşigiň dürli şertleri boýunça özleriniň başarnyklaryny we ussatlygyny görkezýärler.

Bäsleşik yglan edilen gününden bäri, ýurdumyzyň tehnologiki özgertmeler bilen gyzyklanýan höwesjeňleriniň, talyp we okuwçy ýaşlarynyň 350-den gowrak sanly taslamalarygelip gowuşdy. 

 

Şu günler, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň edara binasynda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryryş edaralarynyň wekillerinden ybarat emin agzalartopary ýaşlaryň işläp düzen sanly çözgütlerine bäsleşigiň tassyklanan düzgünnamasyna esaslanyp baha berýärler.  

Ýaşlar bolsa, öz gezeginde, akylly robotlar, wirtual kömekçiler, ýüzi tanamak ulgamlary, el telefonlaryndan we ses arkaly dolandyrylýan elektron enjamlar ýaly sanly çözgütleriişläp düzmekde özleriniň başarnyklaryny görkezýärler. 

 

Bu bäsleşik ýurdumyzda sanly intellektual tehnologiýalary we usullary kämilleşdirilmek, önümçiligi uzak aralykdan dolandyrmak we sanly hyzmatlar ulgamynyň gerimini giňeltmekbilen bir hatarda, ýaş alymlara hem-de talyp ýaşlara özleriniň taýýarlan täze sanly çözgütlerini durmuş-ykdysady şertlerine ornaşdyrmaga hem mümjinçilik berýär.