
Türkmenistan bilen Estoniýa sanly hyzmatdaşlyk barada Ähtnama baglaşdy
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen Estoniýa Respublikasynyň Elektron dolandyryş akademiýasy sanly dolandyryş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama baglaşdylar.
Bu resminama 12 — 14-nji noýabrda Aşgabatda geçirilýän «Türkmentel — 2025» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäklerinde gol çekildi.
Ähtnama türkmen tarapyndan aragatnaşyk ministri Hajymyrat Hudaýgulyýew, eston tarapyndan bolsa Elektron dolandyryş akademiýasynyň geňeşiniň başlygy Hannes Astok gol çekdi.
Maslahatyň çäklerinde ýene-de üç sany ylalaşyga gol çekildi. Hususan-da, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi Fransiýanyň «THALES DIS France SAS» kompaniýasy bilen kiberhowpsuzlyk ulgamynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama, şeýle hem Amerikanyň« Palo Alto Networks INC.» kompaniýasy bilen özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Mundan başga-da, «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy bilen Gyrgyzystanyň açyk paýdarlar jemgyýeti «Kyrgyztelekom» üstaşyr aragatnaşyk akymlaryny geçirmekde özara hyzmatdaşlyk etmek barada Ähtnama baglaşdylar.
