Türkmenistan sanly özgertmeleri ösüşiň strategiki ugry hökmünde kesgitledi

Türkmenistan sanly özgertmeleri milli ösüşiň strategiki ugry hökmünde görýär we telekommunikasiýa infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça giň gerimli maksatnamalary durmuşa geçirýär. Bu barada Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministri Hajymyrat Hudaýgulyýew «Türkmentel – 2025» halkara maslahatynyň çäklerinde BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) bilen hyzmatdaşlykda geçirilýän Halkara startaplar forumyndaky çykyşynda belläp geçdi.

Hudaýgulyýew sanly özgertmeleriň döwlet syýasatynyň esasy düzüm bölegi bolup durýandygyny nygtady. «Türkmenistan sanly özgertmeleri milli ösüşiň strategiki ugry hökmünde görýär. Ýurtda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda telekommunikasiýa infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmaga, sanly hyzmatlary ösdürmäge we döwletiň tehnologik garaşsyzlygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli maksatnamalar durmuşa geçirilýär» — diýip, ministr belledi.

Ol şeýle hem Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Waşingtonda geçirilen «Merkezi Aziýa + ABŞ» sammitine gatnaşandygyny we şol ýerde tehnologik telekeçiligi goldamak baradaky açyk garaýyşyň beýan edilendigini nygtady. «Türkmenistanyň hormatly Prezidenti startaplary, tehnologik telekeçiligi we innowasion platformalary goldamak boýunça anyk garaýyşyny bildirdi, bu bolsa ýurduň dünýäniň sanly proseslerine işjeň goşulyşmak niýetini tassyklaýar» —  diýip, Hudaygulyýew sözüni dowam etdi.

Ministr sanly özgertmeleriň maksatlaryna ýetmek üçin birnäçe ileri tutulýan ugurlary görkezdi:

Infrastrukturanyň ösüşi: telekommunikasiýa we sanly infrastruktura, sanly üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça halkara taslamalara gatnaşmak, şeýle hem uzak sebitlerde internete elýeterliligi giňeltmek üçin «TürkmenAlem52E» milli aragatnaşyk hemrasyny ulanmak.

Sanly hyzmatlar: bilim, saglygy goraýyş we döwlet dolandyryşy ýaly möhüm jemgyýetçilik ugurlarynda sanly platformalaryň işe girizilmegi.

Hünärmenlar we inklýuziýa: maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary (IKT) we emeli aň (AI) boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak üçin okuw maksatnamalary we halkara tejribe alyşmalar; sanly inklýuziýany üpjün etmek we sanly hem-de gender aralygyny azaltmak.

Hudaýgulyýew sanlylaşdyrma işinde halkara hyzmatdaşlygynyň aýratyn ähmiýete eýedigini belläp geçdi. «Bu jähtden Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen BMGÖM-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň nusgasy boldy» — diýip, ol belledi.

BMGÖM bilen bilelikde döwlet edaralarynyň arasynda maglumat alyş-çalyşynyň açyklygyny we netijeliligini ýokarlandyrýan pudagara aragatnaşyk ulgamyny ornaşdyrmak taslamasy üstünlikli tamamlandy.