Serdar Berdimuhamedow Kataryň Türkmenistanda täze bellenilen ilçisini kabul etdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Türkmenistana täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nasser bin Ahmed Al Taherini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Katar Döwletiniň Türkmenistana täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wagt tapyp kabul edendigi üçin, hormatly Prezidente hoşallyk bildirip, Katarda Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň döwlet Baştutanyna we türkmen halkynyň Milli Liderine iberen mähirli salamyny ýetirdi. Şeýle hem dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili döwlet Baştutanyny ýakynda Özbegistana amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagy – «Ýokary derejeli dostluk» ordeni bilen sylaglanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Türkmenistanyň Prezidenti hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de iki ýurduň arasyndaky netijeli gatnaşyklary ösdürmek ugrunda alyp barjak işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.