
Çapar Pay: bir goşundyda onlarça hyzmat
Türkmenistanda wagty tygşytlamaga we gündelik meseleleri onlaýn ýagdaýda çözmäge mümkinçilik berýän sanly hyzmatlara bolan isleg barha artýar. Şeýle çözgütleriň biri hökmünde «Türkmenpoçta» kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlanan Çapar Pay ykjam goşundysy çykyş edýär.
Programma Android we iOS esasly enjamlarda elýeterlidir hem-de Google Play we App Store arkaly mugt ýükläp bolýar. Häzirki wagtda Çapar Pay jemagat töleglerinden başlap, bilet satyn almaga we ykjam aragatnaşygy dolandyrmaga çenli dürli zerur hyzmatlary bir ýerde jemleýär.
Ulanyjylar üçin elýeterli mümkinçilikler Programmanyň funksiýalary gündelik tölegleriň we hyzmatlaryň esasy görnüşlerini öz içine alýar. Çapar Pay arkaly aşakdaky hyzmatlardan peýdalanyp bolýar:
• elektrik energiýasy, suw, gaz we beýleki jemagat hyzmatlar üçin töleg geçirmek;
• ýol hereketiniň kadalarynyň bozulmagy boýunça jerimeleri barlamak we tölemek;
• ýurduň ähli welaýatlarynda şäher telefonynyň tölegini geçirmek;
• ykjam aragatnaşygyň balansyny doldurmak we internet hem-de telewideniýe hyzmatlaryny, şol sanda Altyn Asyr operatorynyň we Älem TV hyzmatlaryny tölemek;
• uçar we demir ýol biletlerini satyn almak;
• Belet onlaýn kinoteatryna abuna ýazylmak;
• operatoryň USSD soraglaryny programmanyň içinden gönüden-göni ibermek (balansy barlamak, hasaby doldurmak we beýleki funksiýalar);
• poçta ibermelerini trek belgisi boýunça yzarlamak;
• kurýer eltip bermek hyzmatyny sargyt etmek.
Tölegler Türkmenistanda hereket edýän bank kartlarynyň üsti bilen amala aşyrylýar. Ulanyjylaryň amatlylygy üçin maglumatlar goragly görnüşde saklanyp bilýär, bu bolsa gaýtadan tölegleri aňsatlaşdyrýar. Programma maglumatlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanýar.
Hyzmat yzygiderli täzelenýär we elýeterli mümkinçilikleriň sanawy giňeldilýär. Soňky ýyllarda täze töleg gurallary goşuldy, şäher telefon hyzmatlarynyň geografiýa çägi giňeldildi, USSD kodlary bilen integrasiýa girizildi hem-de ibermeleri yzarlamak mümkinçilikleri kämilleşdirildi.
