
Aragatnaşykçylaryň we awiasiýa işgärleriniň arasynda Milli Bahar baýramy mynasybetli bäsleşik geçirildi
Milli Bahar baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Aragatnaşyk ministrligi hem-de “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugy bilen bilelikde guramagynda pudagyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän gelin-gyzlaryň arasynda “Hünärim bar – hormatym bar” atly bäsleşik geçirildi.
Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, oňa gatnaşyjylar 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” şygary bilen baglanyşdyryp, goşgy setirleri arkaly özi, wezipesi, ýerine ýetirýän işleri bilen tanyşdyrdylar, sahna eseri we aýdym bilen çykyş etdiler, şeýle hem milli tagamlar bilen saçagy bezemek boýunça bäsleşdiler. Mundan başga-da, gelin-gyzlar döwrebap biçüwde dürli nagyşlar we şaý-sepler bilen bezelen milli lybaslary görkezdiler.
Bäsleşik 2 tapgyrda geçirildi. Birinji tapgyrda gelin-gyzlar zähmet çekýän edara-kärhanalarynda bäsleşdiler. Ikinji tapgyra deslapky tapgyrda ýeňiji bolan gelin-gyzlaryň 6-sy gatnaşmaga hukuk gazandy. Baýrakly orunlara mynasyp bolanlar Hormat haty we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanyldy. Bäsleşige gatnaşan beýleki gelin-gyzlara hem guramaçylar tarapyndan hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy.
