Fransuz dili boýunça bäsleşik geçirildi

Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçisi Merkezi Aziýa-Hytaý Sekretariatynyň ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

Türkmenistanyň BMG-niň edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň ýolbaşçysy Aragatnaşyk ulgamynda sebitleýin arkalaşygyň Baş direktory bilen duşuşyk geçirdi

Aşgabatdaky halkara hokkeý ýaryşyna 10 topar gatnaşar

Türkmenistan parahatçylyk döredijilik strategiýasyny öňe sürýär

Türkmenistanyň Prezidenti Oleg Kononenkony Kosmonawtika güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy kosmonawt Oleg Kononenko gutlag iberdi

Kosmonawtika güni mynasybetli Aşgabatdaky Gagariniň heýkeline gül goýmak dabarasy bolar

Oleg Kononenko kosmosda iň uzak wagtlap bolmakda dünýä rekordyny goýýar

Türkmenistanyň Deňiz söwda floty ýylyň 3 aýynda daşalan ýükleriň möçberi boýunça ösüş gazandy

Aşgabatda ýakyn günlerde ulag ulgamy boýunça halkara forum geçiriler

 Şu gün, Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi.

Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly halkara maslahata we sergä görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanynyň degişli Kararyna laýyklykda, halkara forumy 3-4-nji maýda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirmek meýilleşdirilýär.

Maslahatyň deslapky meýilnamasyna halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, logistika arkaly söwdany artdyrmagyň mümkinçilikleri, häzirki zaman ykdysadyýetinde ulagyň we logistikanyň özara arabaglanyşygy, söwdada we logistikada sanlylaşdyrma, poçta hyzmatlarynyň döwrebap ugurlary, elektron täjirçilik, ulag-logistika düzüminiň baglanyşygyny ösdürmekde döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň orny, innowasiýa tehnologiýalary, ulag we logistikada ylmyň we bilimiň orny ýaly meseleler girizildi.

Halkara maslahatyň çäginde birnäçe çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bu halkara maslahatyň we serginiň Türkmenistanyň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini ösdürmek boýunça möhüm ähmiýetli işleriň amala aşyrylmagyna hem-de özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigini belledi hem-de agentligiň ýolbaşçysyna meýilleşdirilýän çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.