Türkmenistanyň Prezidenti ilçileri wezipä bellemek hakyndaky Permanlara gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti Çili Respublikasynyň Prezidentini gutlady

"Türkmenaragatnaşyk" Türkmenistanda aragatnaşygy döwrebaplaşdyrmak üçin täze sanly tehnologiýalary ornaşdyrýar

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Täjigistan Türkmenistanyň çäginden geçýän ugur boýunça synag otlusyny ugradar

Hytaý arkaly Gruziýadan Türkmenabada tarap ýene bir ýük howa gatnawy ýola goýuldy

Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň ilkinji milli hemrasy "TürkmenÄlem 52°E" orbita çykarylmagynyň 8 ýyly doldy

2015-nji ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň ilkinji milli "TürkmenÄlem 52°E" atly hemrasy orbita çykaryldy. Şol wagtdan bäri hemra Türkmenistanda berilýän aragatnaşyk hyzmatlarynyň hilini kämilleşdirmekde, olaryň elýeterliligini üpjün etmekde möhüm goşandyny goşdy.

«Türkmen hemrasy» ÝGPJ degişli hemranyň uçurylmagy ýurtda 11 sany tele- we radioýaýlymlaryň ýokary hilde alnyp berilmegine başlamaga mümkinçilik döretdi. 2018-nji ýylda NewTec belgiýa enjamynyň esasynda FSS Teleport HUB stansiýasynyň oturdylmagy ýurduň guramalaryna we dürli edaralaryna, şol sanda daşary ýurt kärhanalaryna VSAT-hyzmatlaryny bermäge mümkinçilik döretdi. VSAT hemra tory uzaklykdaky edaralary, ammarlary, iş ýerlerini kärhananyň korporatiw toruna birikdirmäge mümkinçilik berýär.

Daşary ýurt prowaýderleri tarapyndan transponderleriň kärendesine alynmagy bilen milli hemradan 120 tele- we radioýaýlymlar pars, urdu we dari dillerinde SD we HD hilinde alnyp görkezilýär we eşitdirilýär.

2020-nji ýylda TürkmenÄlem 52°E-de DTH platforma oturdyldy, onuň üsti bilen dünýäniň dürli dillerindäki 100-den gowrak teleýaýlymlaryň alnyp görkezilişi ýola goýuldy.

8 ýylyň dowamynda «Türkmen hemrasy» ÝGPJ hyzmatdaşlyk barada dünýäniň 10 kompaniýasy bilen ylalaşyk baglaşdy, olar milli hemranyň hyzmatlaryndan peýdalanýarlar.