Türkmenistanyň Prezidenti Litwa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

1-nji iýundan Aşgabat – Awaza – Aşgabat ugry boýunça awtobus gatnawy hereket edip başlar

Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyplaryna ykdysadyýet ugry boýunça okuw sapak geçirildi

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» topary maglumat howpsuzlygy boýunça halkara ýaryşda üçünji orny eýeledi

TÜRKMENISTAN BILEN KATARYŇ ARASYNDA GÖNI HOWA GATNAWYNYŇ ÝOLA GOÝULMAGYNA GARAŞYLÝAR

Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň we Gresiýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy geçen alty ýylyň dowamynda ep-esli artdy

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentini Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere seredildi

Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparyň on ikinji mejlisi geçiriler

ARKADAG ŞÄHERINDE «ARKADAG ŞÄHERI – «AKYLLY» WE «ÝAŞYL» TEHNOLOGIÝALAR ŞÄHERI» ATLY HALKARA MASLAHAT GEÇIRILDI

2-nji iýulda Arkadag şäheriniň açylyşy mynasybetli «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň we Arkadag şäher häkimliginiň bilelikde gurnamagynda «Arkadag şäheri — «akylly» we «ýaşyl» tehnologiýalar şäheri» atly halkara maslahat geçirildi.

Maslahat Arkadag şäheriniň Aragatnaşyk müdirliginiň binasynda we Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda geçirildi.

Halkara maslahata daşary ýurtly alymlar, bilermenler, işewür adamlar, şeýle hem, Garaşsyz Döwletler Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Aragatnaşyk boýunça sebit arkalaşygynyň, Halkara elektroaragatnaşyk bileleşiginiň (ITU), Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik Wekilhanasynyň, «Wostoçnyý Weter» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň, «Kazaktelekom» PJ-niň, «Huawei Technologies», «Nokia», «Yutong International Co., Ltd», «DeltaTelecom», «Sony», «NEC Communication and Information Technologies Ltd», «Rostelekom», «Kamaz», «Kaspersky», «Tales Alenia Space», «SSI-MONACO S.A.M», «Terralink Global», «Cisco», «Elsewedy Elektric», «Hyundai Corporation», «Sumitomo Corporation» ýaly kompaniýalaryň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdy.

Maslahata halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, Türkmenistanda «Akylly şäher» we «Akylly öý» ulgamlarynyň mümkinçilikleri bilen giňden tanyşdyrmak, bu ulgama daşary ýurt maýa goýumlary çekmek, döwrebap tehnologiýalary we taslamalary ornaşdyrmak, maglumat howpsuzlygy ýaly meseleleri öz içine alýan halkara maslahatyň giň maksatnamasyna laýyklykda, öz çykyşlary bilen gatnaşmaga isleg bildiren hem-de çagyrylan ýerli we daşary ýurtly alymlaryň, bilermenleriň, işewür adamlaryň, şeýle-de halkara guramalaryň wekilleriniň onlarçasy täsirli çykyşlary bilen gatnaşdylar.

Hususan-da, «Hyundai Corporation» kompaniýasynyň Wise Prezidenti Ýun Suk Çoý, «Kaspersky» kompaniýasynyň Merkezi Aziýa boýunça söwda direktory Waleriý Zubanow, «Tales Alenia Space» kompaniýasynyň Halkara ösüş — Strategiýa we işewürligi ösdürmegiň direktory Bernard Hepp, «SSI-MONACO» kompaniýasynyň Prezidenti we Baş direktory Ilhami Aýgun, «East Wiinde» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň direktory Boris Bubnow, «Terralink Global» kompaniýasynyň direktory Oleg Zolotarew akylly hem-de ýaşyl şäherler üçin tehnologiýalardyr täze çözgütler barada çykyş etdiler.

Şeýle hem, halkara maslahata «East Winde», «Kazaktelekom», «Huawei Technologies», «Nokia», «Yutong International», «Delta Telecom», «Sony», «NEC», «Rostelekom», «Kamaz», «Kaspersky», «Tales Alenia Space», «SSI-MONACO», «Terralink Global», «Cisco», «Elsewedy Elektric», «Hyundai Corporation», «Sumitomo Corporation» ýaly kompaniýalaryň wekilleri göni sanly ulgam arkaly gatnaşdylar.


Halkara maslahaty iki mejlisde geçirildi: Birinji mejlis – «Akylly we ýaşyl şäherler» – şäher infrastrukturasyny durnukly we netijeli ösdürmegiň girewi; Ikinji mejlis – «Akylly we ýaşyl şäherler» üçin tehnologiýalar hem-de çözgütler; Halkara maslahata gatnaşyjylar: – Arkadag şäheriniň artykmaçlyklary we ýetilen sepgitler; – «akylly» we «ýaşyl» şäherleriň, ykdysady ösüşe ýardam berýän, durmuş derejesini ýokarlandyrýan, häzirki hem-de geljekki nesilleriň abadançylygyny üpjün edýän, durmuş üçin durnukly, netijeli we amatly şäher gurşawyny emele getirişiniň mümkinçilikleri; – Akylly tehnologiýalar — raýatlaryň gündelik durmuşyna täsiri we peýdasy; – Şäher taslamalary we ygtybarly arhitekturasy; – Internet zatlar we birikdirme mümkinçilikleri; – Energiýa çeşmeleriniň özara birikmesi; – Akylly ulag ulgamy; – Şäher maglumatlaryny gaýtadan işlemek we seljermek; – Maglumat goraglylygy we kiberhowpsuzlyk ýaly mowzuklar boýunça çykyşlar etdiler.

Ýokary guramaçylykly we netijeli geçirilen halkara maslahaty halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň wekillerini jemlemek bilen, kommunikasiýa pudagy üçin täze hyzmatdaşlyklary ýola goýmaga we bar bolan oňyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga, maýa goýumlary çekmäge, täze Akylly şäherleri gurmaga we öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga giň mümkinçilikleri döreder.