"Türkmenaragatnaşyk" Türkmenistanda aragatnaşygy döwrebaplaşdyrmak üçin täze sanly tehnologiýalary ornaşdyrýar

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Täjigistan Türkmenistanyň çäginden geçýän ugur boýunça synag otlusyny ugradar

Hytaý arkaly Gruziýadan Türkmenabada tarap ýene bir ýük howa gatnawy ýola goýuldy

Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Belgiýanyň Patyşasyny gutlady

Türkmenistanda internet ulanyjylarynyň sany 3,1 milliondan geçdi

Türkmenistanda 3 million 149 müň 178 ulanyjy internete birikdirildi diýip, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýgulyýew Aşgabatda geçirilen «Türkmentel — 2023» atly ylmy maslahatda eden çykyşynda aýtdy.

Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi.

Agentligiň başlygynyň sözlerine görä, 421 müň 609 müşderi simli internet ulanyjylary bolup, 2 million 727 müň 569 adam öýjükli internet ulanyjylarydyr. Şeýle hem, soňky 3 ýylda Türkmenistan tarapyndan satyn alnan halkara internet-kanallarynyň umumy kuwwatynyň 10 esse artandygy bellenildi.<br>

Şeýle hem Türkmenistanda maglumat geçirmek üçin 8 sany döwletara optiki süýümli geçirijisiniň gurlandygy habar berildi. 273 million dollarlyk aragatnaşyk operatorlarynyň torlaryny giňeltmek baradaky taslamalaryň netijesinde ýurt ilatly ýerleri ýokary tizlikli internet bilen 100% gurşap aldy.