Halk Maslahatynyň Başlygy Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bilen gutlady

Serdar Berdimuhamedow «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara Ýüzlenme iberdi

Aşgabatda «Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi» atly forum geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti «Wozroždeniýe» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi

Ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bellenýär

Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi şol bir wagtda, ýurdumyzyň Bahreýn Patyşalygyndaky ilçisi wezipesine bellendi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Tatarystanyň ilkinji Prezidenti bilen duşuşdy

Gurbanguly Berdimuhamedow parahatçylyk üçin yslam başlangyjyny döretmekligi teklip etdi

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, medeniýet ministrleri derejesinde geçirilýän halkara maslahata gatnaşyjylara

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi — «Airbus» kompaniýasy: hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

24-25-nji aprelde Fransiýanyň paýtagty Parižde geçýän Türkmenistanyň energetika toplumyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumyň (TEIF — 2024) çäginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygynyň hem-de Fransiýa Respublikasynyň «Airbus» kompaniýasynyň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar kosmos ugry boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Bütin dünýäde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde uly abraýdan peýdalanýan Türkmenistana kosmos ulgamy boýunça hyzmatlaryny hödürledi. Munuň özi dürli ugurlar, şol sanda kosmos ulgamynyň işine tehnologiýalaryň iň kämil nusgalaryny ornaşdyrmak boýunça ähmiýetli işleri durmuşa geçirýän Türkmenistanyň mümkinçiliklerine berilýän ýokary bahanyň nyşanydyr.

Duşuşygyň barşynda «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen «Airbus» kompaniýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Elbetde, bu taraplaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda hem-de tejribeleri alyşmakda möhüm ädime öwrüler.

«Airbus» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk taraplar üçin özboluşly mümkinçilikleri açar. Çünki ýurdumyzda kosmos ugrunyň ösüşine, tehnologiýalar dünýäsiniň gazananlaryna diýseň uly orun berilýär. Bu hakykat Fransiýanyň paýtagty Parižde geçýän Türkmenistanyň energetika toplumyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumyň çäginde «Airbus» kompaniýasynyň wekilleri bilen guralan duşuşykda hem aýdyň şöhlelendi.