
TDHÇMB-da söwdalaşyklar: geçen hepdäniň dowamynda 13 geleşik baglaşyldy
Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda 13 geleşik hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystanyň telekeçileri “Türkmennebit” DK-niň önümi bolan az kükürtli ýakyş mazudyny, uçar kerosinini, natriý hloridini (“Türkmenhimiýa” DK) hem-de portlandsementi satyn aldylar.
Mundan başga-da, daşary ýurt walýutasyna Hytaýyň, Serbiýanyň, BAE-niň, Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri buýanyň guradylan köklerini we kök baldaklaryny, agardylmadyk satini, ýorgan-düşek toplumlaryny, nah ýüplükleri, pagta süýümini satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 9 mln 77 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy.
Içerki bazara “Türkmennebit” DK-niň polipropileni, gaplaýyş plýonkasy, şeýle hem pagta süýümi ýerlenildi. Geleşikleriň umumy bahasy 10 mln 446 müň manada barabar boldy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.