Pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamynyň resminama binýady döredildi

Döwlet baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi telekommunikasiýa ulgamyny kämilleşdirmäge, sanly hyzmatlary ösdürmäge we döwletimiziň tehnologik garaşsyzlygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli maksatnamalary durmuşa geçirýär. 

Ýurdumyzda sanly tehnologiýalaryň gurluşy, maddy-tehniki we hukuk binýady döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilýär, ylmy-tehniki özgertmeler hem-de iri taslamalar durmuşa geçirilýär.

Şonuň bilen baglylykda, köpugurly sanly gurşawy döretmegiň çäklerinde Türkmenistanda Pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamynda elektron resminamalary pudagara alyşmak hakynda Birkysmy ylalaşyk we Pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamynyň operatory bilen Pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamynyň gatnaşyjysynyň arasyndaky Birkysmy şertnama tassyklandy.

Bu resminamalar Pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamynyň hereket etmeginiň tertibiniň talaplaryny, şeýle hem bu ulgam arkaly elektron resminamalary pudagara alyşmagyň, şol sanda elektron döwlet hyzmatlary ýerine ýetirilende döwlet edaralarynyň maglumat ulgamlarynyň arasynda resminama we maglumat alyşmalaryny amala aşyrmagyň umumy ýörelgelerini kesgitleýär. Resminamalarda olary baglaşýan taraplaryň borçlary, hukuklary, jogapkärçilikleri we özara maglumat alyşmagyň düzgünleri beýan edilýär. 

Pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamynyň operatory hökmünde Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň garamagyndaky «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy çykyş edýär. Operator kiberhowpsuzlyk babatynda töwekgelçilikleri ýüze çykarmak we yzygiderli gözegçilik etmek, ulgama gatnaşyjylaryň işini utgaşdyrmak ýaly wezipeleri ýerine ýetirýär. 

Bu ulgam ähli döwlet edaralarynyň awtomatlaşdyrylan elektron maglumatlar binýadynyň ýeke-täk ulgama birikdirilmegini we bitewi maglumat giňişliginiň kemala gelmegini üpjün edýär. 

Öňdengörüjilikli, parasatly başlangyçlary bilen döwletimizi dünýäniň innowasion ösen ýurtlarynyň hataryna goşmaga giň ýol açyp berýän, Türkmen Halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys!

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!