Sanly.tm milli portaly kompaniýalar üçin korporatiw elektron poçta hyzmatyny hödürleýär

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň hünärmenleri tarapyndan işlenip taýýarlanan Sanly.tm Türkmenistanyň milli sanly portaly kärhanalara we guramalara işewürlik işlerini awtomatlaşdyrmak, maglumatlary ygtybarly alyşmak hem-de işgärleriň bilelikdäki işini guramak üçin dürli gurallary hödürleýär.

Sanly.tm elektron poçta, senenama, gözleg ulgamy we beýleki birnäçe sanly çözgütleri özünde jemleýän köpugurly platformadyr. Portalda döwlet hyzmatlaryna, onlaýn hyzmatlara, söwda meýdançalaryna we Türkmenistanyň internet dükanlaryna salgylanmalar hem ýerleşdirilip, ol ulanyjylaryň gündelik işi üçin amatly gurala öwrülýär.

Portalda aýratyn üns ýuridik şahslar üçin döredilen korporatiw elektron poçta hyzmatyna berilýär. Hasaba alnandan soň her bir işgär şahsy elektron poçta salgysyny alýar hem-de hat alyşmalary saklamak we tertipleşdirmek üçin çäklendirilmedik mukdarda bukjalary döretmek mümkinçiligine eýe bolýar. Bu çözgüt goragly sanly gurşawda bilelikde işlemäge şert döredýär we kompaniýalaryň içerki aragatnaşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam berýär.

Portal döwrebap interfeýsi bilen tapawutlanýar we türkmen hem-de rus dillerinde elýeterlidir. Ulanyjylar özbaşdak şahsy hasaplaryny döredip, elektron poçta hem-de platformanyň beýleki hyzmatlaryndan peýdalanyp bilýärler.

Sanly.tm ýaly milli sanly çözgütleriň ösdürilmegi ulanyjylaryň, işewürlik düzümleriniň we döwlet edaralarynyň arasynda elektron özara gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini giňeldýär, şeýle hem ýurduň ykdysadyýetiniň dürli ugurlarynda sanlylaşdyrma işleriniň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam edýär.