
«Sanly çözgüt – 2026» innowasion taslamalar bäsleşigine 450 golaý taslama hödürlenildi
Häzirki wagtda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň binasynda «Sanly çözgüt – 2026» atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň deslapky saýlama tapgyry dowam edýär. Bäsleşige gatnaşmak üçin 450 golaý taslama hödürlenildi.
Bäsleşigiň esasy maksady ýaşlaryň döredijilik we ylmy-tehniki mümkinçiliklerini ýüze çykarmakdan, täzeçillik başlangyçlaryny goldamakdan, şeýle hem sanly ykdysadyýetiň ösüşine goşant goşup biljek innowasion taslamalary höweslendirmekden ybaratdyr.
Saýlama tapgyrynyň dowamynda gatnaşyjylar öz taslamalaryny eminler toparynyň öňünde tanyşdyrýarlar. Olar emin agzalaryna işläp taýýarlamalarynyň mümkinçilikleri, tehniki aýratynlyklary we amaly ähmiýeti barada giňişleýin maglumat berýärler.
Bäsleşik ýedi ugur boýunça geçirilýär. Olara emeli aň, robototehnika we awtomatlaşdyrma, oba hojalygynda akylly tehnologiýalar, «Smart City» (Akylly şäher), bilim we elektron okuw, sanly lukmançylyk, şeýle hem hyzmatlar ulgamy degişlidir.
Eminler toparynyň agzalary taslamalara innowasion häsiýeti, tehniki taýdan amala aşyrylyşy, netijeliligi, kiberhowpsuzlyk talaplaryna laýyklygy we iş ýüzünde ornaşdyrmak mümkinçiligi ýaly ölçegler boýunça baha berýärler.
«Sanly çözgüt – 2026» bäsleşigi ýaş zehinleri ýüze çykarmakda, olaryň täzeçillik pikirleriniň durmuşa geçirilmegine ýardam bermekde we ýurtda sanly tehnologiýalaryň ösüşine täze itergi bermekde möhüm ähmiýete eýedir.
