«Türkmentelekom» «Turkmentel 2026» sergisinde PoC toparlaýyn radioaragatnaşyk ulgamy we «Tolkun» programma üpjünçiligi bilen tanyşdyrdy

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň «Türkmentelekom» elektroaragatnaşyk kompaniýasy «Turkmentel 2026» sergisinde «Push-to-Talk over Cellular» (PoC) standartyna esaslanýan toparlaýyn radioaragatnaşyk ulgamy we «Tolkun» programma üpjünçiligi bilen tanyşdyrdy. Halkara standartlaryna laýyk gelýän bu çözgüt kärhanalaryň we edaralaryň işini häzirki zaman talaplaryna laýyklykda guramak üçin niýetlenendir.

Tehnologiýa hereket edýän 2G, 3G we 4G ykjam aragatnaşyk torlarynyň esasynda işleýär. Ol aýratyn radiotoruny döretmezden, bir düwmä basmak arkaly şahsy we toparlaýyn ses aragatnaşygyny, şeýle hem gyssagly habarlary alyşmagy dessin ýola goýmaga mümkinçilik berýär.

Ulgam dürli önümçilik şertlerinde ulanmaga niýetlenen M6G, TE 620G, BP 900, TG 510 we TG 200 kysymly ýöriteleşdirilen enjamlar bilen bilelikde işleýär. Bu enjamlar ýadyň uly göwrümi we sygymy ýokary akkumulýatorlary bilen tapawutlanýar. Olaryň IP54 we IP68 halkara gorag derejeleri çylşyrymly şertlerde hem ygtybarly işlemegini üpjün edýär. Enjamlaryň käbir kysymlary 5G tehnologiýasyny hem goldaýar.

Ulgamyň aýrylmaz bölegi bolan «Tolkun» programma üpjünçiligi sesli habarlary, tekstleri, suratlary, wideolary we iş resminamalaryny dessin alyşmaga, şeýle hem köp taraplaýyn iş maslahatlaryny guramaga mümkinçilik berýär. Programma üpjünçiligine ornaşdyrylan dispetçer gullugy işgärleriň geografik ýerleşýän ýerini takyk kesgitlemäge, olaryň işine merkezleşdirilen gözegçiligi amala aşyrmaga, çagyryşlary bökdençsiz paýlamaga we aragatnaşyk maglumatlaryny saklamaga mümkinçilik berýär.

Işläp düzüjileriň berýän maglumatlaryna görä, bu çözgüt ulag-logistika ulgamynda, demir ýol pudagynda, gurluşykda, senagat önümçiliginde, nebitgaz pudagynda, poçta hyzmatlarynda we saglygy goraýyş ulgamynda giňden ulanylyp bilner. Ol iş wagtyny tygşytlamaga we dolandyryş çözgütlerini dessin kabul etmäge ýardam eder.