Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginde «Ornuňyz tördedir, sarpaňyz belent, ýaşaýşa ýarandyr mährem zenanlar» atly wagyz-nesihat maslahaty geçirildi

17-nji aprelde geçirilen wagyz-nesihat maslahatyna Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň edara-kärhanalarynyň, şeýle hem, uzak ýyllaryň dowamynda tutanýerli zähmet çekýän ýurdumyzyň dürli pudaklarynyň gelin-gyzlary hem-de ak saçly enelerimiz gatnaşdylar. 

Maslahatyň başynda aragatnaşyk hyzmatlarynyň gerimini giňeltmekde, gündelik durmuş üçin internete durnukly elýeterliligi üpjün etmekde, müşderilere hödürlenýän hyzmatlary hil taýdan kämilleşdirmekde alnyp barylýan işler barada aragatnaşyk pudagynyň zenanlary giňişleýin gürrüň berdiler.

Maslahatda çykyş eden zenanlar «Durmuşyň her pursadyny maksatly işlere sarp edip, ýurdumyzyň ykdysady we medeni kuwwatyny artdyrmak, aragatnaşyk pudagyny ösdürmek üçin zähmet çekmek we gazanylýan üstünliklere buýsanyp ýaşamak ömrümizi gözelleşdirýär» diýip belläp geçdiler.

Halal we yhlasly zähmet çekmek bilen bir hatarda, türkmen zenanlary halkymyzyň medeni hem edebi mirasyny nesilden-nesle geçirmekde, geçmişdäki ruhy baýlyklarymyz esasynda ýaşlarymyzy terbiýeläp, olary ynsanperwer, zähmetsöýer, maksada okgunly, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde, ýaşlary kämil hünärmenler edip ýetişdirmekde mynasyp goşant goşýarlar. 

Wagyz-nesihat maslahatyna gatnaşan gelin-gyzlar we mährem enelerimiz türkmen zenanlarynyň bagtyýar durmuşy, netijeli zähmet çekmegi üçin döredilýän amatly şertler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.