«Aşgabat» stadionynyň zallaryny we howuzyny e.gov.tm arkaly onlaýn bronlamak elýeterlidir

Paýtagtymyzyň ýaşaýjylary e.gov.tm döwlet hyzmatlarynyň bitewi portaly arkaly «Aşgabat» köpugurly stadionynda türgenleşikleri tiz bronlap we tölegini amala aşyryp bilerler. Bu hyzmat birnäçe gezek basmak bilen sport türgenleşiklerini guramaga mümkinçilik berýär hem-de wagty ep-esli tygşytlaýar.

Platformada aşakdaky sport desgalaryny bronlamak mümkin:

• Futbol meýdançalary, tennis meýdançalary, ýapyk woleýbol we basketbol meýdançalary;

• Boks, agyr atletika, göreş we dzýudo üçin ýöriteleşdirilen zallar;

• Ýeňil atletika üçin ylgaw ýodalary we ýüzüş howuzy.

Hyzmatdan nähili peýdalanmaly:

• e.gov.tm portalyna girip, «Sport we medeniýet» bölümine geçiň.

• «Köpugurly “Aşgabat” stadiony» bölümçesini saýlaň.

• Gerekli desgany saýlaň — ulgam onuň bahasyny awtomatiki görkezer.

• «Altyn Asyr» bank karty arkaly bron üçin tölegi onlaýn amala aşyryň.